- agras
- 1) Sähelçe agyr gelýän, agyrrak bolan, agyrrak çykan.2) Salyhatly, edepli.∙ Ýigitleriň uzynak we agras biri stoluň başyndan turup, olara kömekleşdi. (M. Gorkiý, Ene)∙ Ol adam özüniň şeýle daýawlygy ýaly hem agrasdy. (H. Ysmaýylow, Iki Atanyň Ogly)∙ Wepanyň gapdalynda peýda bolan agaç et agras göwre-Sähetdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)3) Agyrlyk bilen hereket edýän.∙ Onuň agras aýaklary, uly kellesi garyň üstünde ertiriň alasarmyklygynda öňküden-de ullakan ýaly bolup görünýär. («Sowet edebiýaty» žurnaly)4) Ýuwaş eşidilýän, saldamly (ses hakda).∙ Gapynyň aňyrsynda agras aýak sesi eşidildi. (M. Gorkiý, Ene)∙ Işleýän maşynlaryň agras güwwüldisi eşidilýärdi.5) Göçme manyda Ýakymsyz, tutuk.∙ Ýaprakdan gül ysy gelmän, agras çygly bir ys Aýsoltanyň burnuna urdy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.